eTalyp

Gizlinlik syýasaty

Soňky gezek täzelendi: 10.11.2026

Bu syýasat eTalyp saýtyna (etalyp.datmddi.edu.tm) we eTalyp mobil goşundysyna (iOS we Android) degişlidir. eTalyp — Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyp maglumat ulgamy. Maglumatlara institut jogap berýär.

Kim ulanýar

eTalyp-y diňe institutyň talyplary, mugallymlary we işgärleri, mobil goşundyda bolsa talyplaryň ene-atalary hem ulanýar. Hasaby institut açýar (ene-atanyňkyny dekanlyk telefon belgisi boýunça); saýtda ýa-da goşundyda özbaşdak hasap açyp bolmaýar.

Haýsy maglumatlar işlenýär

Mobil goşundy

Maglumatlar näme üçin ulanylýar

Maglumatlar satylmaýar we mahabat üçin hiç kime berilmeýär.

Kim görýär

Her kim diňe öz roluna degişli maglumatlary görýär: talyp — diňe özüniňkini, ene-ata — diňe öz çagalarynyňkyny, mugallym — sapak berýän toparlaryny, dekanlyk — öz fakultetini, okuw bölümi we administratorlar — ähli maglumatlary. Daşary diňe kanunyň talap edýän ýagdaýynda berilýär.

Nirede we näçe wagt saklanýar

Maglumatlar institutyň Türkmenistandaky öz serwerinde saklanýar we HTTPS arkaly geçirilýär. Ätiýaçlyk nusgalary şifrlenen görnüşde çäkli wagtlap saklanýar.

Okuw maglumatlary talyp okaýan döwründe we soňra okuw resminamalaryny arhiwde saklamagyň düzgünlerine laýyklykda saklanýar. Saýtdaky giriş çykylanda ýa-da uzak wagt ulanylmasa tamamlanýar; goşundynyň açarlarynyň möhleti hem çäkli.

Siziň hukuklaryňyz

Üýtgetmeler

Syýasat üýtgese, täze görnüşi şu sahypada çap edilýär we ýokardaky sene täzelenýär.

Habarlaşmak üçin

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty
Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy
E-poçta: datmddi@datmddi.edu.tm
Telefon: +993 12 36-84-08
https://datmddi.edu.tm/